15:41 Ikimiz | |
|
Gel, ikimiz yşk mukamyn çalaly, Aýdaly biz baky söýgiň aýdymyn. Soňky deme çenli bile bolaly, Togap edip, wepa atly baýdagy. Gel, ikimiz geçen ähli aşyklaň Mukaddes ýoluny edeli dowam. Biziň iň ullakan arzuwmyz bolan Beýik bagta bile bereli salam. Gel, ikimiz bu owadan sähralaň Saýlap bägüllerin bogaly çemen. Bir gujak çemeni eliňe berip, Gül bilen öreýin saçlaryňy men. Gel, ikimiz söýgi diýilýän bagyň Aşyk bilbil bilen güli bolaly. Gul bolsak-da söýgiň guly bolaly, Ýöne esasy zat – bile bolaly. Gel, ikimiz entek-entek ýaşaly, Ak günleri kän göreli ýene biz. Günem ýaşmak üçin dogulýar, Bilýäs. Goý, ýaşsa-da bile ýaşsyn Günümiz. 16.01.2010 ýyl | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
