12:00 Ilkinji goşgularym | |
Ilkinji goşgulam, ilki setirlem, Bezeg bermez kitaplarmyň gatlarna. Olar girip gitdi gizlin ýetirlen Söýgi hatlarna. Ne ýat tutdum olary, ne-de göçürdim, Geçdim ondan söýgä sataşan pilläm. Soň bu ömri goşgy ýazyp geçirdim, Ilkinji goşgymy gaýtalap bilmän. DUTAR Mahmal gaba salyp goýmaň dutary, Çykaryp, çaljagyň öňünde goýuň! Üýtgetmäň, peseltmäň, ýoýmaň dutary, Mukaddes zatlaryň deňinde goýuň! Ejiz däldir ýüregmize urýan zat, Diňe oňat zada maýyldyr göwün. Kyn bor, kalbymyzy tolgundyrýan zat Gozgamasa çagamyzyň ýüregin. Ýetdirip duranok bu sungat bize, Onuň beýik talant bilen gany bir. Öwrediň siz ony çagalarňyza, Öwrediň bolmanda diňlemäni bir. Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/5041. 17.04.2023ý. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
