18:19 Tumar | |
Çogly tomus paýawlady ömrüni, Möwrüti gutardy ýanyp-köýmegiň. Bardy seň egniňde şol güýz gijesi ak-nokat basylan, göm-gök köýnegiň. Şol nokada meňzeş ýyldyzlar gökde Bizi ýüzlerine sylyşyp durdy. Ak derekler bolsa, sübsesi bilen Ýyldyzly asmany syryşyp durdy. Derekleň astynda durduň sen, bolup, Ýyldyzly asmanyň dowamy ýaly. Elletmediň ýakaňdaky tumarňy, gorap, edil içi dogaly yaly. Asmanyň çetinde ýukajyk bulut gizläp durdy Aýyň tözlenç göwsüni. Diýdiň sen: “Gaç, goýber, gitjek!”. Diýdim men: “Bar, gidiber, tapýan bolsaň gowsuny!” Gitdiň sen öýkeläp, şol günden başlap, bulaşyp başlady güýzüň howasy. Elletmediň, şol tumaryň içinde barmydy ýa agzalalyk dogasy. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
