13:32 Lal dili | |
Otyr şindem şol daş tamlar baýyrda, tüsseledip, gerişlerin, ýallaryn. Bardy birçak, biz çagakak, bu ýerde internady güň çagalaň – lallaryň. Dürlidi öň olaň dessuram, dilem. Birleşdirdi uruş olaň dillerin. Gepleşýärdi olar bir-biri bilen atanaklap, aýlap-öwrüp ellerin. Ümleşerdi olar bizi görende, Barmaklarny ýazyp-büküp çalasyn. Lal oglanlaň saýradyşyn göreňde, gelerdi lal bolup, surnaý çalasyň. Ýaş bolsagam lal dilini bilerden, Şol çagalar ýaly içip-iýmegi, arzuw edip, öwrenipdik olardan lal dilinde: “Nanyň ýokmy?” diýmegi. Bardy olaň bölek-büçek nanlary, Şonuň üçin gatnap olaň ýanyna, çalşardyk biz äpet-äpet narlary olaň sakgyç ýaly, gara nanyna. Lal dilini öwrenmeli bolýardyk öwrenýänçäk tamdyr nanyn iýmegi. Biz ýaşkagam, çagakagam bilýärdik lal dilinde: “Nanyň ýokmy?” diýmegi. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
