00:20 Maslahat | |
|
▶ MASLAHAT Kesek atyp arrygyňy gynama, Häzir maňa degmez atan kesegiň. Başga bir bendäni nyşana edip Gün bermeýän bolsa uçran keseliň. Özüň görüp dursuň, keseg-ä däl-de, Maňa häzir kär edenok gülle-de, Hawa gardaş, meni ýykmak tamaňy Häzirlikçe zyňyp taşla kelleden. Ynanaý men senden gaty göremok, Dogrujamdan gelsem, agyrýar nebsim, Gijeler uklaman ýazýaň üstümden, ýok, gardaş, ýeňil däl seniňem kesbiň. Hawa, gynansamam edil şu mahal, Atýan kesekleriň özüňe deger, Ýöne saňa bir maslahat bereýin, Ýamanlaman ýaşap bilmeseň eger. Az-kem sabyr eýle, birneme garaş, Bir gün pelek çarhyn tersine öwrer. Şonda başga ýana kesek atsaň-da, Meniň maňlaýyma patylar durar. Galanynam özüň pikir edip gör, Ýöne biçeme-hä däldir aýdanym. Hemme zat tersine tutup ugranda, Arkaýyn bol, baryp özüm aýdaryn. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
