10:50 Obada säher | |
|
Ir bilen oýanýaň guşlaň sesine, Ýaňy dogan Güne berýärsiň salam. Seret, Asman tebigaty ýuwupdyr, Tämizlik gatypdyr goýnuna howaň. Asmandan ýapragyň üstüne düşüp, Tozandan, kimirden tämizlän nurlar Ýaprajygyň bir künjünden aslyşyp, Topraga gaçmaga gorkuşyp durlar. Her gün irden howlyňyzy süpürýän Gelniň sübsesini alyp eline, Süpürere ýer tapanok, Aý, asman Bu gün asla iş goýmandyr geline. Gözüň gamaşdyryp Günüň tygyna, Eşidýärsiň tanyş güžžüldiň sesin. Ejeň sygyr sagýar, Göwüslek sygyr Berýär agşam berlen iýmiň miwesin. Hanha, eýýäm pişigňizi kowlap ýör Goh turuzyp garagolja güjügňiz. Gelniňem ýüzüňe syrly ýylgyrýar (Goý, ýylgyrsyn, basym doljak gujagňyz). Hem söz gatýar: “Ýatyberiň ahyry, Ýaňy ýediň ýary bolupdyr sagat.” Ýok, bu säher uka gark bolmak gahat, Öýde oturmaga ýetjekmi takat?! Ýagyşdan ýadygär galan anbary Çar tarapa pürküp durka tebigat, Ullakan harmandan galyp barýan dek Daşa atygsarsyň, Ýetäýmez takat. Ak säher kalbyňa berer-de ganat Duýulmaz bir bagta gark eder seni: Şeýdip, iliň-günüň abatlygynda Başlar obalylaň ýene bir güni. 09. 05. 2010 ýyl | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
