21:38 Orazgeldi Ylýasowyň aýdan “Ak ýüzli maralymy” diňlän gojanyñ aýdany | |
Elhepus, gördüňmi, ediberşini, Aýdymy gysyp hem gowrup barşyny. Sigan ady bilen sylanan oglan, Sen Ylahy bagşy bolup dogulan! Aýdym bolup munuň düşme eline, Ýumrup barýar, meňzäp dagyň siline. Sünnäläp, keşdeläp hem joşup aýdýar, Iň aşak perde hem bäriden gaýdýar. Nädip bu geň owaz sygdy gursaga, Eýgerdenok asla, dutar, gyjaga. Geňsi bir öwüşgin aýdyma çaýýar, Nagyş çekip, ondan çemen ýasaýar. Asyl, özüm aýdýana döndüm öýdýän, Bir galyp, çygjaryp, bir aşak gaýdýan. Heý, bolarmy diňleýäniň ga:ndymy, Beýle güýçli, diýseň süýji aýdymy. Jedel ýok, eý, gardaş, “maral-a” seňki, Yhlas baryn siňdiripsiň sen, çünki. 2015 ý. “Ahal durmuşy” gazeti, 10.08.2022 ý. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
