04:05 Rysgal | |
|
▶ RYSGAL Artyk göräýmesem az-a göremok, Bu dünýäniñ maña beren paýyny. Özüm bileb getirmändim ahyry Iýjek nanymdyr-u içjek çaýymy. Durmuş bolsa şu zatlardan başlanýar, Şuny-da biz ýatlaýarys her demde: Günüñ reñkin soran bugdaýyñ başy Bu Dünýäni göterip dur gerdende. Yzda galdy agaç asyr, daş asyr... Adam ýyldyrymdan ýasandy ganat. Ýyldyrymyñ ýelgininden bat alyp, Biz şahyrlar guwduradyk kä halat. Bajakly meýdanlar ilmedi göze, Ýöntemräk göründi derçirän daýhan. Ýöne şindem şu meýdandan önýärdi Ýüzüme syldygym mele-myssyk nan. Säherler başlanýar aýdym-saz bilen Dañdan başym galdyrmankam ýassykdan, Kemlikden-ä zeýrenmäge hakym ýok, Ýöne gäbim azaýmasa meslikden. Takdyr ýola düşen tigirçek ýaly Ýyndamlandy baharymyz, gyşymyz, Hernä, bu döwletden, beýle bagtdan Aýlanmasyn bu amanat başymyz. Şeýle zamanda ýaşap ýörüs biz: Tapylýar bir zady küýsese ýürek. Rysgalymyz ýetik. Ýöne şu zady Götermäge, dostlar, injigem gerek. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
