07:59 Sabyr | |
|
Gün dogar, aý dogar öz wagty bilen, Öz wagty gelende süýjär almalar. Başagaý durmuşda darykma, kalbym, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bir ömürde müň alada-gaýgy bar, Adamlaryň garasy bar, agy bar. Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar. Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar. Laçyna öýkünip, garga-da gaýýar. Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Eşegiň yzyna tirkelen düýe, Namysdan ölenmiş öz etin iýe... Urpak tozap gider, butnamaz gaýa, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Mydam bolup durmaz dokuzyň doly, Başyňy belent tut, pesde tut päli. Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
