17:06 Türkmen tomsy | |
|
Gazetler gygyrýar: Amerikada Yssy tas 40 gradusa ýetenmiş. Nähili geñ waka! Gurak meýdanlar Endireşip, salgym atyp ýatanmyş. Ynanýan - şeýledir Ýöne men häzir Başga bir ýagdaýa çekmekçi ünsi: Kyrky däl-de, alkymlady ellini Türkmeniñ yssysy, türkmeniñ tomsy. Dogry, yssy - öz mähriban yssymyz, Ýöne özünkinem sylanok, arman. Öwürýär adamlañ enter-pelegin Gündiz gönendirmän, gije ýatyrman. Gawunyñ pazyly, tuduñ ýapragy Göz öñünde gowrulyp dur, çürşüp dur. Garagumda çägä gömen ýumurtgañ Dem salymda otsuz-zatsyz bişip dur. Howa eräp, gyzyl howa öwrülip Tolkunlaýar ýakynda hem uzakda. ...Gazetlermiz bolsa bu hakda däl-de, Ýazýar Amerikañ yssysy hakda. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1989. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
