15:39 Üçlemeler | |
|
Karamlyga ýol ýok, dogan, bu kärde, Çyra bolsañ, senem goýar adamlar, Iñ bolmanda özlerinden ýokarda. * * * Tebigat, sen juda yzda: Akylly gyzda görmek ýok - Akyl ýok görmekli gyzda. * * * Haýal ýazýan galam tapmaly biz hem. Gadymkylar ýelek bilen ýazansoñ, Oýlanmaga wagty bolandyr, belkem. * * * Iş edende et hepbeli: Pyşbaga jaýa mätäç däl. Çünki dogulýar kepbeli. * * * Läläm, maña beren sowalyñ ýeser. Od-a öçýär odun oklap durmasañ, Zol goldap durmasañ, söýgi-de öçer. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
