07:25 Ýagyşym | |
Men bu ýagşyň haýsy damjasyndakam, Ýa bireýýäm siňdimmikäm zemine. Ýa ternawa ýapşyp, inmejek bolup, Jebir çekip, aglaýanmy henizem? Haýsy damjaň astynda meň arzuwym, Ýa asmana uçup giden perişde Özi bilen äkitdimi ruhumy, Arzuwlarmam gara ýere siňdirip, Unutdymy, gaçyrdymy, neçünkä. Emedekde ot içine eňdirip, Unduldymy goralanym geçinçäm. Bu diňmedik ýagşy saklap bir birden, Damjalardan gözlemekçi özümi. (Wah maňa galsady…) jomart pederden, Sorap almakçydym kalba dözümi. Belki şonda almaşardym damjamy, Gaçan arzuwlarmy çöpläp bererdim Şol perişdä. Mazarymda gunçany Dünýä bagş eýläp, kökne siňerdim. Belki şonda, heniz diňmedik ýagşa, Edil, zemin ýaly gujak gererdim. Men bu ýagşyň haýsy damjasyndakam, Ýa bireýýäm siňdimmikäm zemine. Ýa ternawa ýapşyp, inmejek bolup, Gara ýerden gorkupdurnmy henizem? Eziz AMANNAZAROW | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
