06:06 Ýaşasyn ownamaýanlar ! | |
|
▶ÝAŞASYN OWNAMAÝANLAR! Ownaýanlar hakda ýazypdym ozal, Ýaşasyn hiç haçan ownamaýanlar. Aýnaýanlar hakda agzapdym ozal, Ýaşasyn durmuşda aýnamaýanlar. Gowy boljak bolup bolmaň gözgyny, Kemsiz tanap goýuň iki ýüzlini. Kyn bolsa-da goldaň dogry sözlini, Ýaşawersin ýalan sözlemeýänler. Antdyr kasam duzdan - çörekden çyksyn, Ajy gözýaş paýrap garakdan çyksyn. Diýilýän zat diňe ýürekden çyksyn, Ýaşasyn göz üçin saýramaýanlar, Ýigrenmese ilat, geňlemese halk, Möwjäp barýar iň bir gelşiksiz gylyk. Para-da bir ozboluşly ogrulyk. Goý ýaşasyn para emlemeýänler. Geňlemäň kemmagal karza baranda, Del kişi salama - parza baranda. Bir bende diwana arza baranda Ýaşasyn ýüzini sallamaýanlar. Günä bilen sogap meňzeşip barýar, Halal bilen haram deňleşip barýar. Ýaramaz endikler ornaşyp barýar Ýaşasyn ýalany oňlamaýanlar. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
