00:08 Ýatlama sahypasy | |
|
▶ ÝATLAMA SAHYPASY Köpi görüp bu günlere ýeteňde Ýatlamanyň aýratyn bir orny bar. ...Gara başda on bäş ýaşyň ýelgini, Aýakda-da Aýazhanyň çarygy bar. Saňa synag Allaň beren her güni. Tutjak zat ýok oglanlygyň ornuny. Gapdalyňda Amyderýaň sergini, Töwerekde ýanar tomsuň howry bar. Agalar söweşýär içinde oduň, Sen demi dürseýäň astynda tuduň. Arzuw, arzuw - ine iň bir bol zadyň, Onuň bolsa ne erni, ne garny bar. Döwür "Haýda!" diýýär dyzyň epdirmän, Söýgi gözün gypýar, ýöne öpdürmän.. Açlyk seni yzarlap ýör sypdyrman Gaçaýsaňam sag elinde dürbi bar. Nana derek barmagyňy dişlärsiň, Ýogsam kolhozçysyň - uly işgärsiň. Gije-gündiz öler ýaly işlärsiň Ýöne welin algy ýokda, bergi bar. Egniň-ä mätäçdir bitin halada, Kelläň gulakjyna, kisäň manada. Gögele başyňda äpet alada, Maňlaýyňda görülmeli görgi bar. Böwet kän bolsa-da barýan ýoluňda Gowulyk bar niýetiňde-päliňde. Bir bazar palçysy diýdi: "alnyňda Bagtyýar kişiniň uzak ömri bar".. Gyş geldimi, dolan köne dolagy, Ak gar örter tutly Gyzylaýagy. Şükür, daňylgy däl wagtyň aýagy Aýlanyp dur, bu pelegiň çarhy bar. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
