23:55 Ýönekeý hakykat | |
|
▶ ÝÖNEKEÝ HAKYKAT Bu eýýamda saňa beýik diýmezler Dagyň depesine çykanyň bilen. Ynanyň şahyram bolup bolanok Diňe bir edebi lakamyň bilen. Görgä goýup ýörmän ýakyn-ýadyňy, Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy, Il-gün bermez saňa pälwan adyny Özüňden ejizi ýykanyň bilen. Dag däl-dä – bolmasa, dag göňresem bar, Bagşy däl-dä – ýogsam ýetik sesem bar, Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý, Guwdurap bihuda bökeniň bilen. Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz, Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz, Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen. Daş depäňe gaçar ýokaryp atsaň, Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň, Kerwenbaşy bolmaz ahyr her kesden Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen. Bir agsagyn ile bildirmez süri, Çopan çaşy bolsa – şol ýaman ýeri, Şunça yhlas edip dökseňem deri – Depizde zat bitmez ekeniň bilen. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
