20:06 Ýyldyrym | |
Garagol çaganyň zyňan daşynyň Zarbyna döwülen penjire ýaly, Ýyldyrym asmany kül-uşak etdi, Tisgindirdi ol göwreli aýaly. Gögi tar-mar edip ýolbars arlady, Oň sesine daglar geldi amana. Gorkup, pyntyk ýardy dagyň armydy, Gorkuly seretdi Zemin Asmana. Ýyldyrymdan gorkup oturma diýpdi, Çagakam ýyldyrym çakanda ejem. Dünýä inmegine bir bäbejigiň Şol ýyldyrym sebäp bolaýan eken. Bäbekden öň ýyldyrymyň dünýäsi Eýeläpdi Ýeriň belent-pesini. Indi bolsa şol bäbegiň iňňäsi, Basyp barýar ýyldyrymyň sesini. * * * Aýny ýaşda karar etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Güýjüm bilen ykrar etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Depämde bir şygar etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Ýolumda şamçyrag etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Gursagymda şygyr etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Çynym bilen höwür etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Lebiz etdim, ygrar etdim, Çyndan ýaşamaklygy. Men ýürekden yglan etdim, Çyndan ýaşamaklygy. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
