00:05 Zemin | |
|
▶ ZEMIN Egne alyp ýüz adamlyk ýüküni, Äpet uçar üzdi ýerden örküni. Köşiniň çetinde howur örtünen Müňläp adam ýatan mazar görünýär. Uçup barýas çenden-çakdan çalasyn, Tasygan bulutlar kakýar pelesaň. Bölek-bölek obalara garasaň Meýdanlaryň gerşi goňur görünýär. Uçaryň göwresi sowanok. Yssy. Hanha Daşlyň oýy, hanha-da Bussy. Meniň barýan ýerim Ýerbendiň üsti.. Çagalykda geçen ömür görünýär. Guýular, guýular, tanyş guýular.. Göreňde elbetde göwnüň gyýylar. Çölde rysgyn çöpläp ýören düýeler... Uruşdan ozalky döwür görünýär. Gözlerim aşakda, elim tesbide, Synçylyk bar köne çarwa kesbimde. Sogup barýan bulutlaryň astynda Garagum gurşun dek agyr görünýär. Bolsa-da ümmülmez, bolsa-da uly, Ahyr tamamlandy Garagum çöli. Gyryň eteginde bagly-bakjaly Göm-gök öwsüp duran böwür görünýär. Uçar emaý bilen aşaga iýndi, Galmagal köpeldi "gondy-da", "gondy". Ulynyň, kiçiniň ýüzünde indi Ne takat, ne-de bir sabyr görünýär.. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
