11:01 Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem... | |
|
Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, - Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men. Oka dogry barýan, owlagny gorap, Gözleri aýyply keýikdirin men. Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, - Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn. Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, - Ýylanyñ "okaýan" serçesidirin... Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, - Tä diñýänçä ähli zatlar artykmaç. Diñmese - taýynlañ köz bilen duzy, - Dilnen ýüregimden bişiriñ kakmaç... Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, - Gaçgak bolan çagym gitmerin uzak: Meni tutmak kyn däl, çaga aglasa, - Bu hudaýtarapyn gurulan duzak... Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
