|
EJELIGIME
Ýatsam-tursam göz öňüme gelip dur,
Meniň üçin ähli çeken azabyň.
Ine, șeýdip çekdirip ýör jahyllyk
Saňa beren azarymyň azaryn.
...Bize geldiň, üýtgäp gitdi dünýämiz,
Öýmüz öýe meňzemäge bașlady.
Nämüçindir, șoňa çenli öýmüzem
Illeň öýne meňzemedi - başgady.
Ýöne neçün saňa öweý diýdiler,
Maňa-da arkamdan diýdiler ýetim?
Bilmezdim...
Bilýänim - sen geleňden söň,
Garnym dok bolupdy, eşigim bitin.
Şonda-da, men bilemokdym gadyryň,
«Ä-ä» diýdim buýrulan islendik ýumşa...
Neneň dözdüň dözülmesiz betlige?
Neneň çydap gezdiň beýle durmuşa?
Nämüçindir, menden nalamandyň sen,
Hamana, betligmi bilmeýän ýaly.
Meniň «ä-älermi» diňlemändiň sen,
Edil gara ýeri diňleyän ýaly.
...Gezelenje öýe bardym arada.
Eje, birden bolupsyň-la birgysym?
Ulalmagym üçin kiçelen bolsaň,
Onda ogluň nädip üzer bergisin?!
Gurbanýaz DAŞGYNOW.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 529 |
Добавил: Мylayym
| Теги:
| Рейтинг: 5.0/2 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 6 | |
|

0
Ejelik — öweý eje hakda pozitiwnyý pikirde goşgy ýazýan az, belki-de ýok diýerlik. Biziň aňymyza berçinlenen ýaly şol öweýlere gyýa bakmak...
|

0
Alla owal-a öweýli etmesin, etse-de, ynsaplysy duşsun...
|

0
Ejelik barada ýazylan iñ beýik şygyrdyr belkem şul. Ene we perzent ortasyndaky mähir muhebbetiñ kemter durmuşdan alnyp görkezilmesi ajaýyp şygyr.
|

0
@Pegas Bu temada şygyr ýazmak ũçin şol durmuşda ýaşamaly şonuñ üçin seýrek göterilýän tema bolmagy ahmal.
|

0
Bogazyň dolup gözüm ýaşardy...
|
|
|
|