09:29 Aýralygyň aýdymy | |
Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp, Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň. Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk. Diňlemeli boldum, diňlejek däldim. Indi asla eşdebilmen sözleriň, Seňem meni görebilmez gözleriň. Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin Alkyşymam, gargyşymam dözmerin. Indi bize iller ogryn garamaz, Indi baga barmarys biz bileje. Barmaklarym saçlaryňy daramaz, Posadan soň bulaşanda çalaja. Sen gidip, gör, jyda düşdüm, kän zatdan, Elbetde, men ýitgim üçin gülmedim. Sen gitseň-de, iň mukaddes bir zatdan, Söýmeklikden mahrum edip bilmediň. Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
