18:01 Remezan goşgulary | |
![]() 1. Otuz günläp öñ turaly guşlardan, Oýan gyzym, agzymyzy bekläli. Boş galsak, gowy däl, sogap işlerden, Musulmanlyk borjumyzy haklaly. Arzuw etdiñ: "Tutjak-diýip-oraza", Arzuwyña ýetjek bolsañ, ýaltanma. Sogap üçin galanyña azara, Haýry diñe özüñedir, "magtanma". Gör-ä, gat-gat jaýlañ dörtburç eýwany - Ak-garadyr, göýä küşdüñ tagtasy. Selälige turlan-olarda many, Haýsysyndan düşýän bolsa ýagtysy. Näme bişdi öten agşam öýmüzde, Şondan galan-bolar bize sellälik. Mydam ýadaw ejeñ ukusyn bozma, Ene ynjamasa-uly kemallyk. Gyzym, gözüñ aýla Gündogar taýa, Emaý bilen syrýar, tümlük tutusyn. Bu ak dañlar doga okap Hudaýa, Hem göreşip, arzuwlarña ýete sen! 2. Pyragyñ şygryna düşüp gadamyñ "Ýagşy aý" diýdiren Remezanym, Hoş geldiñiz! Aýallaryñ çydamyn, Bue aýlap ölçejek terezimanym. Bu aýda geçiljek günäñ, ýalñyşyñ, Kim Hudaýy ýatlap, oraza tutsa. Iki esse sogap gazanarmyşyn, Hem agyz bekläne kim kömek etse. ...Adamsynyñ täret suwun gyzdyryp, Ýatjak düşegini ýumşajyk düşäp, Ardynjyran çagy çala ses berip, Gerek bolsa, gijäñ arkasyn gaşap. "Agzaçarda" alarylman, ajaman, "Selälikde" kowup süýji ukusyn, Ýanýoldaşa ýardam eden ýadaman, Öýüń bikesine "Tañrýalkasyn!" 3. Ýatlap seläligi hem agzaçary, Biri orazasyn tutsa, gysylman, Diýmek, imanlydyr şonuñ naçary, Synag pursatlary duran peselmän. Eý, beýik zenanlar, çydamñyz çäksiz, Ýogsam, size agram düşmezdi artyk. Sizsiz sogap işem, imanam ýokdur, Biz sizsiz näderdik, Nirä barardyk. Gözelleriñ görýän görgi agramyn, Ýeñil däldir, çekmek müñläp "Mizanda" Hoşgylyk zenanlañ-uly baýragyñ, Häsiýetnamasy Remezanda. Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |