18:26 Öwlüýäñ deñinden geçsem... | |
|
Öwlüýäñ deñinden geçsem, - Tisgindim, Göýä ýatanlarym algyly menden: Ýa enem, Ýa atam, Ýa-da perzendim, Ýa-da dostum... Çekýän ýaly ýeñimden. Öwlüýäñ deñinden geçsem, Içimden (Ynanjyma görä) okaýan doga... Öwlüýäñ giñeýşime kem-kemden, - Demigýän... ýetmeýän ýaly deý howa. Öwlüýäñ deñinden geçsem, - Duýýaryn: Hemişelik dymyşlykda - köp many: "Bize bu ýatanlar - diýýärin - Hem-ä gowy ýaly, Hemem köp ýaly..." Öwlüýäñ deñinden geçsem, Göwnüme, - Dünýe - dymyp ýatan haraba ýaly. Gelseñem-gitseñem alman piñine, Bir jygyldap barýan araba ýaly... Öwlüýäñ deñinden geçsem, Arzuwym: - "Etjek işlerimi edip ýetişsem, Mydama deñinden geçip durmaryn..." ...Entekler - Öwlüýäniñ deñinden geçsem!" Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
