17:33 Aýna bilen Maýmyn | |
Bir Maýmyn aýnada görüp synasyn, Tak edip, Aýynyň böwrüne kakdy. "Seret, jora! - diýdi synlap syratyn - Bu betnyşan nirden gelip ýolukdy? Bir gör, onuň mysalasyn! Şony ýeri, kim halasyn? Eger şoňa meňzeş bolsam sähelçe, Ölerdim namysdan, gynanman gylça. Emma welin alsak boýun, Barmagym bilen men sanaýyn. Meniň gudalamdan bäş-alty sany Bar şu hili betnyşany." Diýdi Aýy: "Sanap zähmet çekenden, Dostum, öz ýüzüňe seretmek gerek. Olar üýtgeşik däl senden." Emma Aýyň sözi gitdi biderek. Dünýäde köp bolýar şu hili mysal: Öz aýby barada hiç kimde ýok müýn. Parahor Klimyç alýar mal, Gözüm bilen gördüm düýn. Diýseň oňa parahorlyk barada, Ol Pýotra ümleýär şu iki arada. Iwan KRYLOW. Terjime eden Hajy YSMAÝYLOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
