12:30 Ikatýok bilen horaz / basnýa | |
![]() "Baý, zabun heň edýäň, Hormatly Horaz". "Senem galaňok, Dostum ikatýok. Bu jeňňelde hiç kim etmez beýle saz. Hoş owazyň gulagymdan gidenok". "Seniň aýdymlaryň diňläp, guda jan. Bütin ömrüm geçirmäge men taýýar" "Bir başlan aýdymyň gutaran zaman Gulagymy dikip, ýene Garaşýaryn täzesine. Sabrym ýetmän, meniň ýüregim urýar. Bu ajaýyp owaz çykýar nireden? Hem tämiz, näzik sende Süýji dil. Bolmasaň-da beýle uly tireden, Aýdymda sen göýä duran bir bilbil". "Sag bol, gudam, sag bol, Maňa-da bir gulak sal: Jennet guşlaryndan näzüli saýraýaň. Muňa şek ýok, hemme ýerde men güwäň". Bu wagtda Serçe geldi tötänden, Ynha şeýle sözler eşdildi ondan: "Dostlar, näçe öwseňiz-de özüňiz, Bir köpüge ýaramaýar sazyňyz". Heder etmän, ýada salman günäni, Näme üçin Ikatýok öwýär Horazy? Sebäbi Horaz hem öwýärdi ony. Iwan KRYLOW. Terjime eden Aman KEKILOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |