18:07 Syçan bilen Alaka | |
|
Syçan ylgap gelip, diýdi Alaka: "Eşitdiňmi, hoş söz ýaýrapdyr halka - Şiriň penjesine düşüpmiş pişik, Açyldy indi bagtymyz. Tapmaýarmyş indi çykmaga deşik. Geldi ýaýnajak wagtymyz." "Begenme, dostum Syçan" Diýip Alaka aýtdy: "Boş söze gitme hiç haçan. Onda Şiriň hem gör işi gaýtdy. Pişik ony lak-luk atar. Çünki pişik güýçli hemmeden beter." * * * Men köp gördüm, syn edene bildirer. Eger gorkak haýsy zatdan gorksa, Diýýär: "Bütin dünýä edýändir heder, Eger şoňa ýoluksa." Iwan KRYLOW. Terjime eden Hajy YSMAÝYLOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
