01:28 Teneçir bilen Garynja | |
Ýaňlandyryp tomus heňin, Teneçirjik hoşnut bolan. Garanmanka aňyn-maňyn, Ýagy ýaly gyş hem gelen. Her agajyň astynda, Düşläp otuň üstünde Ýatan günleri ötdi: Buzluk ýer ýüzün tutdy. Gyş bilen aýaz geldi; Açlyk, mätäçlik boldy. Bir Garynjaň öýne baryp, Teneçirjik köp ýalbaryp, Diýen: - "Jana-jan goňşym! Eziz, mähriban goňşym! Ýene güýje geler ýaly, Gyşdan çykyp biler ýaly, Ýaza çenli ekle meni, Garaşyk et, sakla meni!" "Geň galýaryn muň özüne, Işläpmidiň sen ýazyna?" Diýip Garynja geňläpdir Hem öz goňşusyn diňläpdir. "Joşup söhbet-sazymyz, Toýda geçdi ýazymyz, Hiç bir zada el ýetmedi, Baş aýlandy. Iş bitmedi". "Şeý diýsene." - "Men arly ýaz Meýlis gurap, etdim owaz." "Olam bir iş - jik-jiklemek, Tomsy towsup bökjeklemek; Oňuber şol sazyň bilen, Saz-söhbetli ýazyň bilen!" Iwan KRYLOW. Terjime eden Durdy HALDURDY. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |