22:23 Tilki bilen üzüm | |
Baga girdi aw agtarýan aç Tilki: Sallanşyp görünýär salkym üzümler. Tilkiniň gözlişi, ymsynyşy gülki: Ýakut deý şireli düzüm üzümler. Ýaman ýeri, asylşyp dur asmanda: Ýetip biljek däl ol towsup zyňanda. Gözi onuň görse-de, Dişi ýetmeýär eýse-de. Bir sagatlap nähak ýere urundy. Ondan soňra ýöräp, diýdi naýynjar: "Päheý, ozal oňat bolup göründi, Göm-gök olar, heniz oňly bişmändir, Iýseň, derrew dişleriňi gamaşdyr." Iwan KRYLOW. Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
