13:07 Bilipdir | |
|
Gam-gussasyz çagalygmy tapmaryn, Tapman senem ene ýabyň boýundan. Birçak biz çagakak, her dürli gurjak Ýasardyk eýlenen, gyzgylt toýundan. Dolsa-da, gurjakdan şowhunly güzer, Diýerdiň sen: “Ýene birin ýasaly!” Şol gün sen ýasadyň bir garry aýal, Küýkerip durdy ol eli hasaly. Menem ýasapdym bir keltejik goja, Durdy olam bir goltugy pişekli. Ýylgyryp hem: “Özüňizm-eý ol?” diýip, Sorapdy bir otdan gelýän eşekli. “Ýok, ýok” diýip, gygyrşypdyk şonda biz, Gidiberdi olam diýip: “Bor onda”. “Hawa” diýip jogap beren bolsagam Boljak eken şol eşekliň soragna. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
