14:58 "Gözümde uky ýok ýene bu gije..." | |
Gözümde uky ýok ýene bu gije, Egnime atylgy gara şalymam. Garyşyk duýguly bir göwün bile Alyp durun penjiräniñ ýanyny. Ak kepderi maña habar getirdi, Gaýdyp gelýämişiñ ýene yzyña. Daşarda gyş, dünýämde gyş düşledi, Sen gideñde dünýä bardy güýzügen. Sen maña düýbünden ýat bolduñ ahyr, Göýä geçen ýaly aradan asyr. Unutdym, geñ dälmi bu unudylyş, Tanadykmy bir-biregi biz asyl?! Bilmedim, ýogsa biz gör näçe gije, Gör näçe gündizi gecirdik ýan-ýan. Men ol gijeler däl, gündizlerem däl, Söýgi diýp aldanan ýüregme ýanýan. Sen meni söýmänsiñ, men bolsa seni Geçipdir bir gezek berilýän ömür. Aýrylyp añladym söýmänligiñi, Söýmänligimi. Muña-da şükür. Bu ukusyz gije yene-de durun, Egnime atynyp gara şalymy. Argyn kalba aram berýä pikirlem Indi gaýdyp saña bagly däldigim. Zöhre ÖWEZOWA. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |