21:24 Heýkeltaraş Saragt Babaýewe | |
Tebigylyk owalbaşda zandyňda, Eziz dostum, gözellige teşne sen. Eger meňzetmeli bolsa özüňi, Dag göwsüniýaryp çykan çeşme sen. Kalbyňy çoýandyr bir mährem ene, Gara daş janlanýar seniň eliňde. Heýkelleri synlap diýdim: "Aperin!" Gözellik bar gözelligiň deňinde. Daň ýyldyzy bolup Nury Halmämmet, Seret, anha, tirsegine galypdyr... Aýralyk pursaty ne agyr pursat, Bagşy soňky gezek dutar çalypdyr. Iň soňky bolmaga haky ýok, haky, Dutara jan berdiň ýene, Saragt! Dünýä deýin ajap türkmen bahary Al güllere basyrnypdyr daragt... Gözellik döredýäň daşlary ýonup, Hem-de ýonup öz-özüňi taplaýaň. Ukusyz gijeleň ezýeti başga, Munda şahyr gijesini ýatlaýan. 16.12.2008. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
