16:36 Hudaýberen serdar hakynda oýlanma | |
|
Otuz ýediň tomusynda atama – Halk ogluna "halk duşmany“ diýip, tagma basylan. Şo döwürler niçe adam atylan, Niçeleri asylan. Dostuny dost ýamanlapdyr, Gardaş bolsa gardaşyny. Işdeşleri işdeşini, Ildeşleri ildeşini. Öýler tozap, Höküm sürüpdir gazap. Ýagşy näme, ýaman näme? Ýitipdir hasap. Ine, meniň atam şeýle döwürde Ýaşap geçen. Elli ýaşap ýaşamanka, Ömür çyrasy öçen. Atam ogly merdem Baba Sadygyň, Käbesiniň ady Mahanym bolan. Sahylykda bular jahana dolan. Dagdan aşyp dag obasyn Talap gidilen döwür. Adamlaryň kalbyny Dalap gidilen döwür Serdar ata atlanypdyr. Gylyç, galkan, ýaýy höwür. Gelmişegiň ýolun saklap, Gijeler çekipdir şöwür. Ele salyp talaňçyny Kesýän eken gulaklaryn. Eşege ters münenleriň Sany ýokmuş palaklaryň... Il üçin janyny beren, Kümsük çawuşyndan ýanyny beren, Mahal-mahal ýatlaýaryn atamy. Hem diýýän talaňçy baryny görüp, "Eger atam diri bolan bolsady...“ Diýdi şonda biri gözün güldürip: - Barybir talamak adam keseli, Haýry degmez munda ataň keseri... 05-06.05. 2016. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
