22:36 "Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr..." | |
Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr, Goşgy ýazýar oglan-uşak, Ene-mama, Ata-baba, Şäher-oba. Hem gyzlar, hem gelinler. Kazylar hem kelanlar. Polisaýlar, prokurorlar – "Döwet galamy“ zorlar... Saklap bilmän joşgunyny, Ýazýar ýatlap ýaşlygyny. Biri göwün hoşlugyny. Biri ýatlap başlygyny. Biri köýen söýginiň Indi aradaşlygyny. Biri Oguz han bilen Ýatlap garyndaşlygyny. Biri Görogly bilen Ganybir gardaşlygyny, Şonuň üçin özüniň Her işde berdaşlygyny, Tekrarlap, tekrarlap goşgy ýazýarlar. Daýhan daýhanlygyn undupdyr birçak. Pil depip däl, ýazyp-pozup, Der dökýär burçak-burçak. Aňkaryp galypdyr muňa Kerimem, Berdinazaram, Gurbannazaram... Şo mahal zoňtar ses eşdilip gitdi: - Ýazaram, ýazaram, ýazaram... 14.04.2016. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |