17:11 Ol aýdym aýdardy... | |
|
Atageldi Ahallyýewe. Mejbur etmese-de obadaşlary Beren bulamagnyň muzdun töläre, Ol oglanjyk aýdym aýdyp bererdi Çykyp üsti gamyşlanan teläre. Uruşdady oglanjygyň kakasy. Uruşdady onuň agalary-da. Ol bolsa obada aýdym aýdardy. Aýyryp aýdymdan Göroglyň adyn, Şu mähriýan toprak, ene ýer üçin, Watan, il-gün üçin, gelinler üçin, Gözi ýolda galan eneler üçin Söweşip ýörenleň adyn aýdardy. Ak köýnekli oglanjygyň aýdymyn Eşdenler galardy garylaryna. Ol aýdymlar medet bererdi obaň Garrylaryna. Melhem bolardy ol ogullaryny Ýitiren eneleň ýaralaryna. Ýaryn urşa ýollap, tyylda är işin Bitiren gelinleň ýaralaryna. Uruşam gutardy, ýigit çykdy soň Uruş ýyllarynyň çagalary-da. Aýdym aýtdy ýigit, ýöne uruşdan Dolanyp gelmedi kakasy onuň, Gelmedi uruşdan agalary-da. Ol bolsa şonda-da aýdym aýdardy. Maýyldy aýdymna gamgynam, şadam. Ýöne ýerbe-ýerdi sözi aýdymyň, Öňki ýerindedi Göroglyň adam. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
