19:08 Pil woýewodlykda | |
|
Abraýly hem-de güýçli, Hem akylly bolan kişiň Eger-de ýüregi bolaýsa ýuka, Garaşyber erbet waka. * * * Woýewodlykda tokaýa goýberildi Pil. Akylly bolsa-da pilleriň nesli, Bütin neberesi bolsa-da sagat: Ýogynlykda Woýewod* bardy ep-esli, Özem dogabitdi sadady diýseň, Degmändi ol siňegiňem göwüne. Şol pähimli Woýewodyň öňüne Goýunlar gelenmiş sallap boýnuny. Olar diýen: "Bu ýyrtyjy möjekler, Biziň halys derimizi soýup ýör". Pil gygyran: "Ganojaklar, Kim size ýol berdi talaňçylyga?" Möjekler diýenmiş: "Günämizi geç! Eý, biziň atamyz, sen dälmi ýeri, Gyşda geýer ýaly ýeňiljek possun, Goýunlardan ýygnaň deri, Diýip bize tabşyran? Bu goýunlar bolsa aňry baş samsyk; Arz etmäge näme barmyşyn munda. Hersindenem ýeke deri aljagmyz Şonam gysganýalar, bular şermende". "Şeý diýiň-le" diýip seslenenmiş Pil: "Ýalan sözleseler bilemok çydap; Birje deri alyň her bir goýundan, Ýöne şondan artyk ýeke tüýüne Siz degiji bolmaň çyndan-oýundan". Iwan KRYLOW. ____________________________________ Woýewod* - goşunbaşy, şeýle hem gadymy Russiýada şäheriň ýa-da welaýatyň ýolbaşçysy. Terjime eden Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
