13:21 Awara ýel | |
|
Awara ýel herýan öwsüp, Men deý,ýaryñ gözleýäñmi. Söwer ýaryñ zaryn çekip, Zaryn-zaryn sözleýäñmi. Gel ikimiz sözleşeli, Senden özge syrdaşym ýok. Derdim bilip derman boljak, Tebibim ýok,gardaşym ýok. Menä zemin sergezdany. Senem asman awarasy. Derdimizem meñzeş ýaly, Çünki çalýañ zaryn sazy. Bir naýynjar owaz etýäñ, Kakyp mydam penjiräme. Gel şemal,arzym aýdaýyn, Ýöne diýme,señki näme. Birazajyk derdim ýeñlär, Zaryn heñe goşsam aýdym. Aç gujagñy,sal goýnuña, Seni howandarym saýdym. Sal goýnuña,özüñ bilen, Uçur meni asman sary. Señ goýnuñda ganat ýaýyp, Men yzlaýyn,söwer ýary. Seniñ bilen alyslara, Ýarym yzlap uçaýyn men. Gowşur meni wysalyma, Bagtyñ suwun içeýin men. Gyzylgül Annagylyjowa. 2002 ý. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||
