09:55 Dünýe... | |
Dünýe meñzeş dälihana, Bir seretseñ lolyhana. Uzap ýatyr, däli dünýäñ, Gitse-gelmez ýoly, hana. Kim gidermen oña tarap, Asylzadañ ýoly bilen, Kimse keýp deñzine düşüp, Ýüzsem diýer loly bilen. Diýen borlar: "Bu ýol hemmä, Baý-garyba gyradeñlik." Şu gürrüñi tapanlaryñ, Tapyşlary juda geñlik. Asylzada gitjek ýolun, Hem yzyny aklap gider. Emma, kimler sana girmän, Öñün-soñun ýoklap gider. Sen niçik döwran sürseñem, Alyp gitjek ýalñyz, tenha. Uzap ýatyr däli dünýäñ, Gitse-gelmez ýoly, ynha. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||
