13:01 Marguşda | |
Üstünden ýel öwsen gadym şäherde, Şaýat bolup Zaratuştrañ döwrüne, Keramatly otda bişen küýzeler, Müñýyllyklar ýara salyp böwrüne. Sergezdan şemalyñ orkestrinde, Gaýta-gaýta çalyp şol bir heñini. Ýel üflände zaryn-zaryn heñ edip, Hamana alýan deý, soñky demini. Moý açan küýzeler tüññerip ýatyp, Pelegiñ gazabna duçar mysaly. Köp aglap, ahyry usurgap galan, Göwnüne degilen naçar mysaly. Örtünip gum basan galyñ perdesin, Ýatsalar-da, gizlin-gizlin syr saklap. Diline düşünip, syryn çözläne, Başarypdyr bu küýzeler gor saklap. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
