14:31 Kaka! | |
Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp, Üstümi çal duman büredi, kaka! Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly, Içimde bir boşluk döredi, kaka! Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok, Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da. Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken, Barsam gujak gerýän tutuş oba-da. Ýaradandan razy! Ömrüñ dowamy, Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka! Baryñda panyny bakydyr öýden, Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka! Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi, Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka! Goý, sebäp bolaýyn şu günden şeýläk, Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka! Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
