06:32 Ýetmeýän ýaly... | |
Ähli zadym jem bolsa-da, ruhuma, Nämedir bir zad-a ýetmeýän ýaly. Dünýäni ýyladan çogly Güneşiñ, Ýylysy süññüme ötmeýän ýaly. Oñ ýetmezi näme, näme ýetenok, Ejir çekýämi ol göýdügen añdan? Razy bolman eýesiniñ keşbinden, Döredesi gelýämi ýa ýañadan. Ruhum bilen öz aramda söweşip, Düşüpdim tas diwananyñ ýoluna. Belki-de, ahyry surnugan ruhum, Dolanar öz dolanmaly donuna. Ýetip bilmän kämilligiñ yzyndan, Ýaşap ýörün öz-özüme ýaraman. Ruhum bolsa ýetmezlikden kösenýär, Dokuzymyñ düzüwlügne garaman. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
