19:33 Uçar garyp gyzyñ dokan halysy | |
"Uçmaz garyp gyzyñ dokan halysy" Nobatguly Rejepow. Uçar garyp gyzyñ dokan halysy, Edebi, ekramy ýerinde bolsa. Hol, "Garybyñ gyzy Güljahan" ýaly, Akyly hem huşy serinde bolsa. Hem ýerinde bolsa namysy-ary, Dogmundan don geýen ogul ýaly bor. Onuñ gökde uçýan tämiz hyýaly, Günleñ bir gününde uçýan haly bor. Ol gyzyñ halysyn arşa göterjek, Ili haýran eden haýa bolmaly. Päkize niýetler, arzuw-umytlar, Hökman gök ýüzünde aýan bolmaly. Bu halyny dokan garybyñ gyzy, Kül içinden çykan göwher ýalydyr. Her kimiñ asmanda uçjak halysy, Ýagşy niýetleri, ýagşy pälidir. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||
| ||||||||
