12:56 Hyýal | |
Eýerläp hyýal atyny, Gitdim ýene beýewana. Ak çägede ak sazaklar, Has-da, ak göründi bu gün, Şonuñ üçin bu ýörelge, Täk hem päk göründi bu gün. Mätäç bolanda adama, Saman asty, suw señrikden, Agyp ýatan mähellede, Ýaşap ýaýdana-ýaýdana, Böwrüni diñläp ýadana... Ýol boýunda synlan wagtym, Ak takyryñ ýaryklaryn. Geçip barýan ömri ýatlap, Asla-asla darykmaryn. Sebäbi, men yzlap barýan, Çopan kakamyñ çelgisin. Düñle çölden seda çykýar: "Eý, syrdaşym, bu senmisiñ". Duýmasa-da ýakynlarym, Duýar sähra, Bu halymyñ teñligini, Serden geçýän ahwallaryñ, Juda-juda geñligini. Hem ynanar, müñkür bolman, Sözlerimiñ dogrudygna, Gursagymda ýanýan oduñ, Giñ sähranyñ howrudygna. Şoñ üçinem gidip barýan, Beýewana ýalñyz, tenha, O ýer maña juda eziz, Özem golaýjakda, han-ha, Ynha... Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
