16:45 Aýly gijeler | |
Bilýäñmi ezizim, aýly gijeler, Kim bilen oturyp, gussa çekýänim. Bilseñ ýadygärlik suratyñ bilen, Oturyp ikiçäk, gussa çekýärin. Söýgümiñ, duýgymyñ saýrak bilbili, Bilmedim, sen nirde perwaz urýarsyñ. Duýman ýalñyzlygym, hem solýanlygym, Neçüýn, meni munda ýalñyz goýýarsyñ. Diwana dek ýadygärlik suratyñ, Gam bilen gözýaşa ezip otyryn. Emma surat dymýar, hasratym duýman. Men saña nalamy niçik ýetirin. Asmandaky aý hem, çekýän gussama, Çydaman duwlanýar, buluda sary. Hökman düýşleriñde, duýup nalamy, Giden ýollaryñdan gelersiñ bäri. Sen görersiñ, yşkdan düşen halymy, Gülmez gözüm, sensiz şeýda bilbilim. Suwa däl, bolup men yşkyña teşne, Saralyp hem solan gyzyl güldügim. Bu gün surat bilen, galsamda ýalñyz, Sataşdyrar, bu ýollaryñ öwrümi. Bir öwrümde duşsadyñ sen ömürlik, Razy bolup, ötirdim men ömrümi. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
