ÇAGA ÝALY ADAMLAR Olar dileg salsalar, Ýumşun bitirmek aňsat. Olar gamgyn bolsalar, Göwnün götermek aňsat. Olary öýkeletseň, Derrew ýitirmek aňsat. Kyn düşse-de, ädimin, Haýyr üçin ädenler. Gapysyndan baranym Çaga ýaly adamlar!
Gerek wagty, tilki däl, Olar aldap bilenok. Nebisleriniň yzynda It dek ylgap bilenok, Biri büdräp ýykylsa, Elin salgap bilenok. Özgäň bähbidi üçin Özlerini unudanlar. Meniň arka diränim Çaga ýaly adamlar.
Keýikler dek tazygyp, Çete çekilmesinler! Ýadygärlikler ýaly, Dursun, ýykylmasynlar, Gülleriň tohumy deý, Össün, tükenmesinler! Il gaýgysyn gursakda Çagasy deý gundanlar, Köki döwrüň-döwranyň Çaga yaly adamlar.
Düýn Begmyrat Ussaýewiň "Poeziýa-öwrediji, söweşjeň bolmalydyr" diýen makalasynda poeziýanyň graždanlygy barada gürrüň açypdyr. Ine graždanlyk düşünjesine ýugrulan goşgy.Uly adamlary çaganyň arassa päk dünýäsine çenli beýgelmeklige çagyrýan ajaýyp goşgy.
Olar dileg salsalar, Ýumşun bitirmek aňsat. Olar gamgyn bolsalar, Göwnün götermek aňsat. Olary öýkeletseň, Derrew ýitirmek aňsat. Kyn düşse-de, ädimin, Haýyr üçin ädenler. Gapysyndan baranym Çaga ýaly adamlar! ...
Gurbanýaz aga bize-de geläýdimikägy
Bir burçda duramzok diýmesek, henizem ulalyp oňaramyzok. Ejemi görsem, henizem aýnap ýörün )
G. Daşgynowyň goşgulary bir okaňda aňyňda galjak derejede sünnällenip, ýeňil dilde ýazylan. Onuň goşgulary hiç mahalam, öz gymmatyny gaçyrmaýa. Ýatan ýer ýagty bolsun, Ussadyň!