18:04 Eje | |
|
Jan diýip, öñüñde çökmedim dyza, Senem ejap etdiñ janym diýmäge. Şeýdip suwjaryp däl,merdemlik bilen, Söýmegi ozaldan guýduñ dünýäme. Söýdüm eje ,munda barlygym üçin, Dil bilen däl,gursagyma siñdirip. Bilýän,señ göwnüñem juda hoşdugyn, Meni giñ jahana,dünýä inderip. Çünki meni ýollan ,ak ýollaryña, Kir-kimirsiz aşan bolsa kerweniñ. Eje,señ megerem yhlasyñ şudur, Şu güne çen azap eden her güniñ. Atarsam kerweniñ ýeneki ýola, Owsaryn tutdyryp perzentlerime. Guýan gursagyma ak süýdüñ bilen, Eýerip,öwüt hem her pentleriñe. Eje...hökmanam däl,owadan sözler, Gaýta-gaýta alyp ýörmek dillere. Razy,gursagyñda ahmyr goýmasam, Hem ýodañy alyp gitsem ýollara. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||
