15:16 Kaýda kalbymyñ yşgy | |
Ýylatmady dünýämi, Ýyly gelen ýazlaram. Kalby heýjana salan, Şirin aýdym-sazlaram. Götermedi göwnümi, Kölde guba gazlaram. Diñe eretjek özi, Kalbymdaky buzlarym. Kaýda kalbymyñ yşgy, Saba-säher yzlaram. Wysalyma ýetmesem, Maýa kimin bozlaram. Iki dünýäñ serwerin, "Görse"- diýip gözlerim. Çoýunyp Hak nuruna, Söküp dagy,düzlerim. Arşyñ-kürsüñ arasyn, Perwaz urup gözlärem. Ilden sowa düşse-de, Ýörän ýolum,yzlarym. Düýşde-huşda zar eýlän, Didaryna gözlerim. Yşgym, men ýola düşdüm, Dowam edip gözlegim. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
