16:42 Gyzlarym | |
Gyzlarym ömrümiñ, bahary-ýazy, Gara gözüm, gurban size didelem. Bu durmuşda dowam edip yzymy, Alyslara, alyp gitjek ýodalam. Gyzlarym, bu ýollar iñçedir örän, Çarkandaklar juda-juda, kän munda. Şirk ýetirmän, abraýyña-adyña, Büdremän gidäýmek, örän kyn munda. Eger gyşyk basaýsañyz ädimi, Atañyzyñ belent başy egiler. Biliñ gyzlam, abraýyñyz dökülse, Başga zat däl, ölüm bilen deñeler. Hat-da ölümdenem beterräk gören, Aryn-namysyny, ene-mamalañ. Siz bolsa şolardan, nusgalyk galan, Döwrümiñ keşdesi, boluñ balalam. Halal süýdi, gandyrypdym gursakdan, Bolsun diýip, halallyga gönezlik. Guwanaýyn, guwandyryñ hemişe, Durmuşyma çaýyñ mydam gözellik. Razy ellerimiñ, şirin dilimiñ, Gyzlam sizde goýup bilsem nusgasyn. Bir dilegim, gyzly bolup gyzaryp, Atmasyn ýüzümiz, utançdan gasyn. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
