10:22 Kabul eýle | |
Kalbymda kök urup, şinesin ýaran, Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar. Saña bolan yşkym etse diwana, Meniñ bu halymy geñleme sen ýar. Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy, Öz janymdan eziz görüp söýýänim. Gözlerime bakyp, bagryña basyp, Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ. Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim, Ömürboýy garaşýanym ahyry. Sen aýtmasañ aýtma, barýan ýanyña, Diñle sen, ugruñda ýanan şahyry. Emma, syrym açyp, seniñ ýanyñdan, Gaýda bilmen,yza tarap öwrülip. Ynan sözlerime, şübhelenme ýar, Kabul eýle, öz ýanyñda ömürlik. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
