Diwana deý, Bolup munda awara, Çarp urup herýan, Men gidip barýan. Tap bermän böwrüme, Tüýdülýã jiger. Bu çaşgyn akylam, Meñki däl meger. Bir görseñ-ä däli, Birde gül ýaly. Käte-de,hyýalda Bir dana derwüş, "Yzyma düş"-diýip, Gollaryn bermiş. Emma,bir golumy, Berk tutup durmuş, Şol derwüşe sary, Goýbermän durmyş. Hyýalymda derwüş, Añymda durmuş. Ikisiniñ arasynda ser-sepil Ne-hä bu durmuşyñ hezilin gören. Ne-de boldum Derwüşlere gol beren. Ine şeýdip diwana deý, Bolup ýollañ ser-sepili, Ile duýdurman sepimi, Men gidip barýan. Owadan durmuşa, Añk bolup, Arman, Men ýitip barýan.
Ylahy ygtykata berilen ynsan oñde soñda iki jahan awarasy bolup yashayar. Real dunya gozellikleri hakyky dunya durnuklylygyndan oñe gecip bilmeyar.Damarynda ylahy gudratyñ sheydasy bolan ata babaly ynsan oz añyndaky ynanjyñ fanatigi bolyar. Shygyr real yalancy dunyaniñ geldi gecer yshnaklaryndan bahre alyp bilmeyan,oña yarym ynanc bn garayan liriki gahrymanyñ sypatyny suratlandyryar.Hawa,gahryman yzyna garamayar. Ol bu dunyade hakykatyñ,adalatyñ zary intizary. Ol hakykaty ylahy hakykylykdan tapmaga umydygar. Shygryñ suññi-koñluniñ isleyan mylakatyny real durmushdan tapyp bilmeyan liriki gahrymanyñ suññi.