17:27
Nädürs diýdigim dürs eken
NÄDÜRS DIÝDIGIM DÜRS EKEN
Ugrunda elem boluplar,
Hydyr diýdigim hyrs eken.
Gyýa bakyp, ýüzüm öwrüp,
Nädürs diýdigim dürs eken.
Hydyrmy hyrs? Bilmen haýsy,
Öwrülip dur pursat bolsa.
Ynamsyzlyk tohum bolup,
Şeýdip ösýär gursaklarda.
Ýaşadygym dünýäñ özi,
Düzüw däl-de çöwremidi?
"Dünýäñ özi çöwre"-diýip,
Gyýa bakmak dogrumydy?
Aýdyñ dünýä günälimi?
Çöwürseler pursat bolsa.
Gülleriñ ornuna tiken,
Ekseler dar gursaklarda.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 577 |
Добавил: Gumlygelin
| Теги: Gyzylgül Annagylyjowa
| Рейтинг: 4.5 /4
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 4
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Ajayyp filosofik shygyr
0
"Hyrs" sözi bir manysynda "aýy" diýmegi aňladýan ekeni. Ýene-de bir manysynda syrtlany, başga bir göçme manysynda açgöz adamy aňladýan ekeni. Goşgy gowy bolupdyr.
0
Hyrslan diýip adam ady hem bar.
0
Genneje gosgylaryñyzy haladym . Ýöne soñky wagtlar taze mowzuk goýañyzokla