22:24 Onuñ ady kimkä? | |
Şatlygyma şärik, Gaýgyma şärik, Garrylygym bilen ýaşlygma şärik Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan? Onuň ady kimkä? Nämekä käri? Belki-de, ol gyzy gören däldirin, Belki-de, ol çykandyram öňümden. Ýa-da ýalňyz sözi aýtmaly wagty Uýaljyrap geçendirin deňinden. Ýöne meni söýjek şeýleräk gyzdyr: Guwanç bilen bakýandyrlar yzyndan. Şonda kä kişiler çümüp hyýala, Närazy bolýandyr ogul-gyzyndan. Mydam dişleýändir gijeýän dilin Meni söýjek gyzy gören kelçikler. "Şeýle gyz ogluňa bolaýsa gelin" — Arzuwyn edýändir gelin aljaklar. Meni söýjek gyzyň owadanlygy Iliňkiden artyk ýa pesem däldir. Kä oglanlar oňa "Owadan" diýse, Käbiri diýýändir: "Beýle gyz kändir". Şatlygyma şärik, Gaýgyma şärik, Garrylygym bilen ýaşlygma şärik Boljak gyz nirdekä? Duşarka haçan? Onuň ady kimkä? Nämekä käri? Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
